JEMGYÝET

Žurnalistleriň arasynda ýaryş geçirildi

Bu gün ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş sereişdeleriniň işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Onda-da sport bäsleşigi. Habarçylar bu gün milli oýunlaryň görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Bu bäsleşigi “Atavatan Türkmenistan”, “Türkmenistan Sport” halkara Žurnallary we “Türkmen sporty” gazeti bilelikde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirdi. Ýaryşa “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň, “Türkmenistan”, “Nesil”, “Biznes reklama”, “Türkmen sporty”gazetleriniň, “Güneş”, “Saglyk”, “Türkmenistan Sport” Žurnallarynyň habarçylary we “Watan” radioýaýlymynyň işgärleri gatnaşdy. Milli oýunlaryň düzzüm, şaşka, darts, bäş daş görnüşleri boýunça çekeleşikli geçen bäsleşikde her görnüş boýunça aýratynlykda 1-nji, 2-nji, 3-nji we höweslendiriji orunlar kesgitlenildi. Ýeňijilere “Makul hyzmat” terjime merkeziniň taýýarlan ýörite sowgatlary gowşuryldy.     

Related posts

Modern facility for production of glassware is opened in Ahal Velayat

vepa

Bişkekde Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

On ýylda kim näçe gazandy?

vepa