DÜNÝÄ

Braziliýada Lula da Silwa döwri başlaýar

Luis Inasui Lula da Silwa Braziliýada geçirilen prezident saýlawlaryna ýeňiş gazandy. Ol ýurduň häzirki Prezidenti Žair Bolsanarodan takmynan 2 milliondan gowrak ses alyp, ýurduň täze Prezidenti boldy.

Ýokary saýlaw kazyýetiniň maglumatyna görä, Lula da Silwa üçin 59,7 million raýat ses berdi. Onuň esasy garşydaşy bolsa 57.8 million saýlawçy ses berdi.

Saýlawa gatnaşyk 80 göterim boldy. Saýlaw uçastoklaryna 32 million golaýa saýlawçy barmady.

Lula da Silwa ilkinji gezek 2002-nji ýylda prezidentlige saýlanypdy. Dört ýyldan soňra gaýtadan saýlanypdy. Häzir Lula da Silwanyň 3-nji prezidentlik döwri başlaýar.

Related posts

«Таliban» Hereketi: TOPH we beýleki infrastruktura taslamalaryny goldaýarys

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň täze hökümeti belli bolup başlady

Taryhda şu gün: 4-nji iýun

Leave a Comment