BILIM

Bosagada 1-nji sentýabr: 159 müňden gowrak çaga birinji synpa barar

Täze okuw ýylynda ýurdumyz boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, şol sanda 1-nji synplarda 159 müň 772 çaganyň, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talybyň okamagyna garaşylýar. Bu barada “www.turkmenmetbugat.gov.tm” saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň ençemesi açyldy. Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran 15 326 talyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde öz saýlan hünärleri boýunça bilim almaga gadam basarlar.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde 1-nji synpa barýan alty ýaşly körpelere gymmatly sowgatlar — kompýuterleri gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi