BIZNES

“Boeing” kompaniýasy “Airbusdan” öňe saýlandy

Geçen ýylda “Boeing” kompaniýasynyň 909 uçar, onuň esasy bäsdeşi “Airbus” kompaniýasynyň bolsa 771 uçar sargyt alandygy habar berildi.

ABŞ-nyň awiagurluşyk kompaniýasy bolan “Boeing” geçen ýyl 909 uçar sargyt alyp, bu görkeziji bilen Ýewropada ýerleşýän uçar öndürijisi “Airbus” şereketinden öňe saýlandy.

“Boeing” kompaniýasynyň beren beýanatyna görä, kompaniýanyň geçen ýyl 909 uçar sargyt alandygy we 340 uçary müşderilerine tabşyrandygy mälim edildi.

“Airbus” şereketiniň beren beýanatynda kompaniýanyň 771 uçar sargyt alyp, müşderilerine tabşyran uçarlarynyň sanynyň 611-e deň bolandygy bellenildi.

Şeýlelik bilen, “Boeing” geçen ýyl uçar sargyt almakda Ýewropadaky bäsdeşi “Airbus” -dan öňe geçse-de, “Airbus” uçar önümçiliginde öňdebaryjylygyny saklady.

 

“Gözi ýaÅŸartmaýan” ilkinji sogan

Related posts

Çin’in enerji devi CNPC, Aşkabat-2017 Oyunları’nın resmi sponsoru

vepa

Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar

Ilon Mask ABŞ-nyň milliarderleriniň sanawynda birinji orunda

Ata Watan Eserleri