TEHNOLOGIÝA

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Bir ýylyň dowamynda 240 milliondan gowrak adam global tora birikdi we häzirki wagtda planetanyň ilatynyň alty milliard töweregi, ýagny dünýäniň ähli ilatynyň dörtden üç bölegi aragatnaşygyň bu ulgamyndan peýdalanýar.

Bu barada internet ulanyjylarynyň sanynyň haýran galdyryjy derejede artýandygyny belläp, şol bir wagtyň özünde sanly aýratynlyklaryň çuňlaşýandygyny görkezýän Halkara Elektrik Aragatnaşyk Birleşiginiň (HEAB) hasabatynda aýdylýar diýip, BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle-de bolsa, guramanyň maglumatlaryna görä, 2,2 milliard adam sanly giňişlikden daşda galýar, bu bolsa ählumumy we deňhukukly sanly elýeterliligi üpjün etmekdäki meseläniň gerimini nygtaýar diýip, beýanatda habar berilýär.

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler