DÜNÝÄ

BMG-de täze Baş sekretary saýlamak işi başlandy

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi we Baş Assambleýasy bilelikdäki hat taýýarlap, Bütindünýä guramasynyň täze Baş sekretaryny saýlamak işine badalga berdiler. Bu resminamany noýabr aýynda Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklygyny ýerine ýetirýän Sýerra-Leonanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy ýaýratdy.

Bilelikdäki hatda Bütindünýä guramasy döredileli bäri onuň ýolbaşçysy wezipesine aýal maşgalanyň saýlanmandygynyň bellenilip geçilip, şonuň üçin agza döwletlere zenanlary dalaşgär hökmünde hödürlemäge çynlakaý seretmek maslahat berilýändigi aýdylýar.

Resminamada ýene-de: “Biz Baş sekretary saýlamakda sebitleriň köpdürliliginiň ähmiýetini belleýäris” diýilýär.

BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaşgär guramanyň agza döwletleri tarapyndan hödürlenilýär, her bir döwletiň diňe bir dalaşgäri hödürlemäge haky bar. Dalaşgäri hödürlemek üçin döwletler degişli haty Howpsuzlyk Geňeşiniň we Baş Assambleýanyň başlyklaryna iberýärler. D

alaşgärler öz gezeginde guramanyň ösüşi barada öz garaýyşlaryny, şeýle hem öz girdeji çeşmelerini görkezmelidirler. Eger dalaşgär BMG-niň gurluşynda işleýän bolsa, hatda bellenilişi ýaly, ol “bähbitler gapma-garşylygynyň öňüni almak üçin saýlaw kampaniýasynyň dowamynda BMG-däki işini togtatmagy göz öňünde tutmaly”.

Baş sekretary gös-göni saýlamak prosesini geljek ýylyň iýul aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Bütindünýä guramasynyň ýolbaşçysy wezipesi ugrunda göreşmäge isleg bildirýän iki dalaşgär bolar. Olar – Halkara Atom energiýasy Agentliginiň ýolbaşçysy Rafael Grossi we BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary Rebekka Grinspan.

BMG-niň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ygtyýarlyklary 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar.

Ýene-de okaň

Er-Riýad şäherinde UNIDO-nyň Global senagat sammiti açyldy

Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy