BIZNES

Birža täzelikleri: geleşikleriň 171-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 171-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Gonkongyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, nebit koksuny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, rus we gyrgyz täjirlerine daşary ýurt walýutasyna tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 21 million 142 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 100 müň manatlyga golaý buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we gaplaýyş plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 37 million 213 müň manatlykdan gowrak boldy.

 

Ähli habarlaryň jemlenen ýeri: Türkmenistan Habar

 

 

Ýene-de okaň

Baku Energetika hepdeligi: 8 milliard dollarlyk şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär