DÜNÝÄ

Saud Arabystany syýahat çäklendirmesini ýatyrýar

Saud Arabystany koronawirus sebäpli öz raýatlaryna girizilen syýahat çäklendirmesiniň 17-nji maýdan ýatyryljakdygyny habar berdi. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Içeri işleriň ministrliginiň bu barada beýanatynda raýatlaryna girizilen syýahat çäklendirmesiniň 17-nji maýda sagat 01:00-da başlap ýatyryljakdygyny mälim etdi. Bu çäklendirmäniň ýatyrylmagy bilen koronawirus sanjymynyň 2 dozasyny alan raýatlaryň daşary ýurda gidip biljekdigi aýdyldy.

Şeýle hem beýatadan sanjymyň bir dozasyny alan raýatlaryň sanjym edilenden 14 günden soňra daşary ýurda gidip biljekdigi mälim edildi.

Ýurtda ozal alnan karara görä, sanjymlaryň gijä galyp gelmegi sebäpli daşary ýurda gitmek çäklendirmesiniň möhleti 31-nji martdan 17-nji maýa çenli uzadylypdy.

 

Germaniýada Türkmenistan şygarly awtobuslar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy