DÜNÝÄ

NEXI ätiýaçlandyryş agentligi Türkmenistandaky taslamalara gatnaşar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetirji direktory we baş dolandyryjysy Hideýuki Urata bilen Ilçihananyň binasynda duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen agentligiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalara NEXI ätiýaçlandyryş agentliginiň gatnaşmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Related posts

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý ediň!

Kamala Harris dalaşgärlige has ýakyn

Adam aýagy sekmedik ýer bar eken

Leave a Comment