JEMGYÝET

Rekord! Britaniýada 10 kilogramlyk altyn teňňe zikgelenildi

      Britaniýanyň Karollyk zikgehanasy agyrlygy 10 kilograma we diametri 20 santimetre ýetýän altyn teňňäni zikgeledi. Ol 10 müň funt sterling gymmatyna eýedir. «The Guardian» neşriniň ýazmagyna görä, şu teňňe zikgehananyň 1100 ýyllyk taryhyndaky iň uly ölçeglisi hasaplanýar.

      Teňňäni ýasamak üçin 400 sagat wagt talap edilipdir. Ony saýhallamak üçin bolsa 4 gün gerek bolupdyr.

Teňňe öz eýesini tapdy, ýöne hyrydaryň ady mälim edilmändir. Zikgehanada aýdylmagyna görä, teňňäniň tölegi  6 sany pul mukdaryndan ybarat.

      Teňňe özüne mahsus zikge ediş usullary we häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen, aýratyn bir topar ussalar tarapyndan taýýarlanypdyr. Oňa teswir nakgaşlykçylyk enjamynyň kömegi bilen düşürilip,soňra elde işläp çykylypdyr.

      Britaniýada teňňäniň başga görnüşleri-de zikge edildi. Jümleden, onuň 5 funt sterlinglik görnüşlerini 13 funt sterlinge satyn almak mümkindir.

 

Matwiýenkodan milli Liderimize gutlag haty

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar