BILIM

Açyk gapylar: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýänleri 2021-nji ýylyň 7-nji we 15-nji maýynda sagat 15:00-da geçiriljek «AÇYK GAPYLAR»  gününe çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, sport klubunyňişi, talyplaryňýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-67-30, 94-67-05.

 

Açyk Gapylar güni: Ähli okuw mekdepleri

 

 

 

Related posts

Okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Türkmenistanly ýaş alym «Balsaýat» sazynyň dünýä gymmatlygyna öwrülip biljekdigine ynanýar

Innowasiýa maglumat merkezi Türkmenistanyň bilim edaralaryny sanlylaşdyrmak işini alyp barýar

Ata Watan Eserleri