DÜNÝÄ

Beýik Hytaý diwary gaýtadan dogulýar

Hytaýyň demirgazygyndaky Hebeý welaýatynyň Sýansi etrap dolandyryşy tarapyndan häzirki wagtda Beýik Hytaý diwarynyň durkuny dikeldiş işlerine girişilendigi habar berildi ― diýip, «Xinhua» habarlar agentligi ýazýar.

Bu işlere dünýä meşhur diwaryň günbatar böleginden ― Sifenkou ― Panszýakou aralygyndan başlanyldy.  Işleri şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Beýik Hytaý diwarynyň durkuny täzelemek işleri mundan ozal geçen asyryň 70-nji ýyllarynda geçirilipdi. Yzda galan ýarym asyr çemesi wagtyň dowamynda bu ýere millionlarda syýahatçy gelip gördi. Ýerli häkimiýet diwarlaryň täzeden abatlanylmagynyň has köp syýahatçyny çekmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýar.

Related posts

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy

3 ýylda 30 milliard dollar gönükdiriler

Russiýanyň raýatlary Türkmenistanyň çägi arkaly Eýrandan çykdylar