JEMGYÝET

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Merkezi Aziýa amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron paýtagtymyz Aşgabada geldi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Bu taryhy sapar Beýik Britaniýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji saparydyr we ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädime öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, Dewid Kameronyň saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi. Birleşen Patyşalygyň Türkmenistandaky ilçisi bilen türkmen tarapynyň arasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna, Hazar deňziniň biologik dürlüligine, daşky gurşawy gorap sakalamak we olaryň goralmagyna ýardam etmek barada özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem-de aragatnaşyk ulgamynda ähtnama gol çekildi.

Related posts

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Türkmen-eýran welaýatara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi

Ata Watan Eserleri

Bir hatyň bahasy 400 müň dollar. Sebäbi…