SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Belarus “COVID-19”-a garşy öz waksinasyny döretdi

Belarus “COVID-19”-yň öňüni almak üçin öz waksinasyny döretdi diýip, Respublikanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko habar berdi.

Waksinany döretmek baradaky karara Prezident Lukaşenko aprel aýynyň 1-ne gol çekdi. Karara görä, bu serişde 2023-nji ýylda taýýar bolmaly. Saglygy goraýyş ministri Dmitriý Pinewiçiň aýtmagyna görä, tejribe tapgyryny ýylyň soňunda, senagat tapgyryny bolsa 2022-nji ýylda ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Öndüriji, Respublikanyň epidemiýalogiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag merkezi, öz serişdesiniň häzirki ştamlara garamazdan netijeli boljakdygyny ynandyrýar.

Ýurtda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym işleri alnyp barylýar. Sanjym işlerinde Russiýanyň hem-de Hytaýyň waksinalary ulanylýar. Belarus hem Russiýanyň waksinalaryny ilkinji bolup bellige alan ýurtlaryň biridir.

 

Dünýäniň iň gymmat sport klublary

Related posts

Serdar şäherinde täze dermanhana açyldy

Ata Watan Eserleri

Çagalara niýetlenen waksina synagdan geçirilýär

Kosmetikalaryň ýüze çykyş taryhy

Ata Watan Eserleri