SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýaponiýa 2 sanjymy bellige aldy

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligi Amerikanyň “Moderna” kompaniýasy we “AstraZeneca” britan-şwed kompaniýasy tarapyndan öndürilen koronawirusa garşy sanjymlary ulanylmak üçin bellige aldy. Bu barada ýurduň degişli ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Ýaponiýanyň ministrliginiň bilermenler topary bu sanjymlary ulanmak babatda degişli maslahatlar bilen çykyş etdi. Şeýlelikde, Ýaponiýada resmi taýdna ulanmaga rugsat berlen waksinalaryň sany 3-e deň boldy. Mundan ozal, “Pfizer we BioNTech” amerikan-germen kompaniýalar toparynyň sanjymy tassyklanypdy.

“AstraZeneca” sanjymyň tassyklanan badyna ulanmaga başlanmagy göz öňünde tutulmaýar. Bilermenler topary bu sanjymy haýsy ýaş toparyna urmak babatda degişli işleri geçirmegi meýilleşdirýär.

“Moderna” sanjymyny bolsa indiki hepdeden ulanmak göz öňünde tutulýar. Bu sanjym Tokiodaky we Osaka şäherindäki iri köpçülikleýin sanjym merkezlerinde ulanylyp başlanar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň tomsunda tomusky Olimpiýa oýunlary geçirmäge taýýarlyk görýän Ýaponiýada köpçülikleýin sanjym işleri fewral aýynyň ortalarynda başlady. 4,8 million sany lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň 2,2 millionyna sanjym edildi. 2-nji aprelde 65 ýaşdan ýokary bolan 36 million raýata sanjym etmek işlerine girişildi. Bu ýaş toparyndan 1,4 millionyna birinji doza uruldy.

Ýaponiýanyň hökümeti iýul aýynyň ahyryna çenli uly ýaşly ilatyň ählisini sanjym etmegi meýilleşdirýär.

 

Sanly koronawirus şahadatnamasy dörediler

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy