SPORT

“Bawariýadan” rekord: 11-nji gezek yzly-yzyna çempion boldy

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda çempionlar belli bolup başlady. Angliýada “Mançester Siti”, Ispaniýada “Barselona”, Italiýada “Napoli” çempion bolan bolsa, Germaniýanyň milli çempionatynda çempion soňky tapgyrda mälim boldy.

Çempionatyň 34-nji tagyrynda “Kýoln” toparyny 2:1 hasabynda utup, “Bawariýa” topary 11-nji gezek yzly-yzyna çempionlygyny yglan etdi. Şeýlelikde, nemes topary umumylykda 33-nji çempionlygyny baýram etdi. “Bawariýa” çempionlykda Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda rekord goýdy.

Tomas Tuheliň tälimçiliginde “Bawariýa” topary jemleýji tapgyryň duşuşygyna birinji orunda barýan “Borussiýa Dortmund” toparyndan 2 utuk yzda barýardy. Ýeňiş “Bawariýa” çempionlyk getirdi. Onuň esasy bäsdeşi “Borussiýa Dortmund” topary bolsa “Maýnz” toparyny bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

11 gezek yzly-yzyna çempion bolan “Bawariýa” çempionlykda Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda rekord goýdy. Italiýada “Ýuwentus” topary yzly-yzyna 9 gezek çempion bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy