PEÝDALY MASLAHAT

Bank kartynyň CVC kodyny nädip bilmeli?

Bank kartynyň amatlyklaryndan doly peýdalanyp, Internet tory arkaly harytlary we hyzmatlary satyn almak üçin bank kartynyň CVC kodyny bilmek zerur. Internet arkaly tölegi geçirmek üçin bank kartynyň özi hökmany däl, diňe bank kartynyň rekwezitleri we CVC kodyny bilmek gerek. Bank kartynyň CVC kody kartyň hakykylygynyň kepili bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bank kartynyň  CVC kodyny nädip bilmeli?

Bank kartynyň CVC kody kartyň arka ýüzünde gol çekmek üçin niýetlenilen ýerde çap edilip, üç sany sandan ybarat bolýar. Käbir kartlaryň görnüşlerinde bu ýerde CVC kody çap edilmänem bilner. Şu ýagdaýda CVC kody:

— Bank karty çykaran şahamçaňyza ýüz tutup, arzany dolduryp, ýapyk konwertda alyp bilersiňiz.

Bellik: bu hyzmat tölegli.

— Gözükdirijä laýyklykda, islendik bankomadyň üsti bilen sms arkaly telefon belgiňize ugradyp bilersiňiz. CVC kody Siziň telefon belgiňize iş günlerinde 12 sagadyň dowamynda, dynç we baýramçylyk günlerinde bolsa 24 sagadyň dowamynda iberiler.

Bellik: bu hyzmat tölegsiz

Tölegsiz hyzmatyň ýene-de biri :

— bu hyzmatdan peýdalanmak üçin, SMS habar beriş hyzmatyny birikdirmek hökmany şert bolup durýar. CVC-kody almak üçin Bank karty ulgamynyň Prosessing merkeziniň goldaw toparyna telefon arkaly ýüz tutup, olara kart belgiňizi aýtmaly. Ýuztutmaňyza jogap hökmünde, SMS habar beriş hyzmaty birikdirilen telefon belgiňize kartyňyzyň CVC-kody iberiler.

Goldaw toparynyň telefon belgileri: 44 48 37 we 44 49 27

— 2019-njy ýylyň aprel aýyndan bäri kart saklaýjylara berilýän ähli bank kartlarynyň ýany bilen çap edilýän PIN-bukjalarda PIN-kody bilen bilelikfe CVC-kody hem berilýär.

Ýene-de okaň

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär

Aşgabatda № 72 “Awtokombinat – Awtomenzil” täze awtobus ugry işe girizildi