BIZNES

«Bäherden» tikin fabrigi paýdarlar jemgyýetine öwrüler

Dokma senagaty ministrliginiň «Bäherden» tikin fabriginiň döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barlyşy baradaky hasabat Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde beýan edildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, farbigi döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, «Bäherden» tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagy teklip edildi.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy önümleriň hilini gowulandyrmaga, görnüşlerini giňeltmäge, içerki we daşarky bazarlarda ýerlemäge, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

 

Lebap we Daşoguz welaýatlarynda şaly ösdürilip ýetişdiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözleginde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy