BILIM

Talyp ýaşlarynyň internet olimpiadalary geçiriler

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça 1-nji halkara internet olimpiadasyny, 20-nji maýda bolsa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu halkara internet olimpiadalaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli işler dowam edýär. Bu çäreler daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşar.

 

«Ömrümiň manysy» atly täze kitaby tanyşdyryldy

Related posts

Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýada bilim almak mümkinçiligi

Koreýa Respublikasynda talyp hakly bilim almak mümkinçiligi

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri