TEHNOLOGIÝA

BAE kanuny düzmekde emeli aň ulgamyny ulanýan ilkinji ýurt bolar

Birleşen Arap Emirlikleri emeli intellektiň kanunçylygyň işlenip düzülmegine we täzeden seredilmegine gatnaşjak dünýädäki ilkinji ulgamynyň işe girizilendigini resmi taýdan yglan etdi.

Täze ulgam, ýurduň sanly öwrülişigi üçin has giň hökümet strategiýasynyň bir bölegine öwrüler. Emeli aň diňe bir federal we ýerli kanunlary taýýarlamakda däl, eýsem kazyýet kararlaryny düzmekde, ýerine ýetiriş amallaryny kadalaşdyrmakda we jemgyýetçilik hyzmatlarynda hem ulanylar diýlip garaşylýar.

Bu ugry utgaşdyrmak üçin geçen hepde BAE-nyň Ministrler Kabineti täze bir edara – Düzgünleşdiriji seljeriş gullugyny döretdi, bu kanun çykaryjylykdaky sanly prosesleriň durmuşa geçirilmegine we gözegçilik edilmegine jogapkär bolar.

BAE hökümetiniň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli emeli intellektiň dünýä ykdysadyýetine goşýan goşandy 15,7 trillion dollara ýetip biler, bu bolsa BAE-nyň jemi içerki önümini 35 göterime çenli ýokarlandyrar we hökümet çykdajylaryny iki esse azaldar.

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama