JEMGYÝET

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Azerbaýjan Respublikasynyň ylym we bilim ministriniň orunbasary Firudin Gurbanow Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde saparda boldy.

Saparyň dowamynda ministriniň orunbasary Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň çakylygy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän 3-nji Halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Olimpiadanyň çäklerinde Firudin Gurbanow okuwçylaryň ýaýbaňlandyrylan sergisi bilen tanyşdy.

Olimpiadanyň açylyş dabarasynda çykyş eden ministriniň orunbasary Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gatnaşyjylara maglumat berdi. Çykyşynyň dowamynda Firudin Gurbanow okuwçylaryň ösüşinde intellektual oýunlaryň we bilim bäsleşikleriniň tutýan ornuny aýratyn nygtady.

Olimpiadanyň açylyş dabarasyndan soň, ministriň orunbasary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, uniwersitetiň muzeýine, şeýle hem ajaýyp akyldar we şahyr Magtymguly Pyragy üçin bagyşlanan burça baryp gördü.

3-nji Halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasyna, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň hem gatnaşandygyny bellemeli.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri