DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanda geçirilen diplomatiýa gününe bagyşlanan halkara sergide wekilçilik etdi

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistan Halkara Gatnaşyklar Institutynda geçirilen “Diplomatiýa Gününe” bagyşlanan sergä gatnaşdy.

Çärede ýurduň taryhyny, medeniýetini, sungatyny we syýahatçylyk potensialyny görkezýän kitaplar, broşýuralar, suratly bukjalar, ýadygärlik sowgatlary we el işleriniň nusgalary, şeýle hem “Made in Azerbaijan” markaly önümler görkezildi we myhmanlara hödürlendi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmen dilinde neşir edilen Milli Lider Geýdar Aliýewe bagyşlanan “Ebedilik Dessany” we Nizami Genjewiniň eserleri sergä gatnaşyjylara hödürlendi.

Serginiň dowamynda COP29 barda maglumat berýän bannerler görkezildi, şeýle hem COP29-yň üstünliklerini we hronologiki statistikasyny jikme-jik görkezýän wideo görkezildi.

Mundan başga-da, çärede milli eşiklerimiz, Azerbaijan.travel syýahatçylyk platformasynyň tanyşdyrylyş dabarasy görkezildi. Sergä gatnaşyjylara Azerbaýjanyň baý milli aşhanasy, lezzetli iýmitler we süýjüler hödürlendi.

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary Işler Ministri Raşid Meredow ýurduň resmi işgärleri we diplomatik korpusyň wekilleri bilen birlikde Azerbaýjanyň stendi bilen tanyşdy. Sergä gelen myhmanlar Azerbaýjan stendyna uly gyzyklanma bildirdiler.

 

 

Ýene-de okaň

Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» toparynyň janköýeri çykdy

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Öýde ýeke özi”: Kewiniň ejesi aradan çykdy

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär