JEMGYÝET

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde Türkmenistan tarapyndan dostlukly azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Metjidiň düýbüniň tutulmak dabarasy Azerbaýjanyň Gabala şäherinde geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäklerinde onlaýn görnüşinde geçirildi. Gabala şäherindäki sammite türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna öz hoşallygyny bildirdi. Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Garabaga amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Fizuli şäherinde metjit gurmak barada teklip bilen ýüzlenendigini belledi.

Döwlet Baştutanlarynyň onlaýn gatnaşmagynda doga-dileg edilip, metjidiň düýbi tutuldy.

Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem gatnaşdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Aga gurluşyk” hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak babatda degişli ylalaşyga gol çekilipdir.

Arkadag şäherinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ýerine ýetirer.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy