BIZNES

Azerbaýjan Ýewropa 7,3 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan Ýewropa 7.3 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi. Bu barada “Day.az” internet neşiri Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazowyň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky maglumatyna esaslanyp habar berýär.

Ministriň beýanatynda bellenilip geçilişi ýaly, Azerbaýjan tebigy gazyň eksportuny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilen 23 göterim artdy.

– Azerbaýjan Türkiýe Respublikasyna 5,4 milliard kubmetr, Gruziýa 1,7 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz eksport etdi – diýip, ministr belledi.

Mälim bolşy ýaly, Azerbaýjanda 30.6 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary bilen deňeşdireniňde, 9,7 göterim köpdür.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň iň iri gaz üpjünçisi bolmagynda galýar

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi