MEDENIÝET

Azerbaýjan Türkmenistandaky halkara teatr festiwalyna gatnaşar

Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçiriler. Bu festiwala Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa Döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar. Bu barada Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa Döwlet sazly-drama teatrynyň halkara festiwalyň çäginde «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna oýny bilen çykyş eder.

Azerbaýjanly teatr ussatlarynyň sahna eseri 15-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda görkeziler. Oýun sagat 12:00-da başlanar.

«Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna oýny barada belläp geçsek, sahna eserinde tomaşaça dürli ynsan ykballarynyň üçüsi hem-de şowuna bolmadyk söýgi wakalarynyň üçüsi barada gürrüň berilýär. Bir tarapdan Gasanzadeniň şatlygyny we hasratlaryny deň paýlaşan, hatyrasyny tutan we biwagt ýitiren aýalyna bolan puşmansyz söýgüsi.

Beýleki tarapdan, Nazakatyň uruşda ýitiren adamsyna bolan söýgüsi, emma ikinji äri Farajdan gorkusyndan ýaňa oňa aňladyp bilmedik söýgüsi. Ahyrynda-da, Nargilanyň Gasanzade bolan tükeniksiz we jogapsyz söýgüsi.

Pýesadan tapawutlylykda spektaklda jemi 4 adam çykyş edip, ol liriki-psihologiýa stilinde ýerine ýetirilen häzirkizaman sahna arkaly tomaşa ýetirilýär. Sahna eseriniň gahrymanlary Gasanzade, Nargila, Nazakat we Faraj.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär