JEMGYÝET

Merkezi Aziýa-«G7»: daşary işler ministrleriniň onlaýn duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy.

Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi.

Duşuşygyň barşynda sebit we halkara  gün tertibiniň möhüm ugurlary barada pikir alyşyldy. Oňa gatnaşyjylaryň ünsi aýratyn-da parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady ösüş, «ýaşyl» özgerişlik we energiýa çeşmelerinden durnukly peýdalanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine gönükdirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň we «G7» ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň her bir ýurduň aýratynlyklaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutup, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanmalydygyny nygtady. Özara gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiligiň sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga we Merkezi Aziýanyň dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryna üstünlikli goşulyşmagy şertlerinde netijeli ulanylyp bilinjekdigine ynam bildirildi.

Türkmen tarapy duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Merkezi Aziýa we «G7» döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm häsiýete eýe bolan, özara gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly öňe sürlen birnäçe tekliplere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlyk we durnukly ösüş, wodorod energetikasy, ulag we logistika, howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak  ýaly ugurlarda, şeýle hem energiýa kuwwatlylygy ösdürmek, şol sanda, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler