BIZNES

Azerbaýjan Türkmenistana ýük awtoulaglary iberer

Azerbaýjanda öndürilen “Iveco” kysymly ýük awtoulaglary Russiýa, Gruziýa, Eýrana we Türkmenistana eksport ediler.

“Report”-yň habar bermegine görä, “Az-Tex-Import” ÇJJ-iň esaslandyryjysy, Sumgaýit himiýa senagat parkynyň wekili Samir Ibadullaýew bu barada belläp geçýär.

Samir Ibadullaýewiň aýtmagyna görä, ýylyň dowamynda 100 birlik ýeňil, orta we uly tonnaly ýük awtoulaglarynyň öndüriljek kärhanasynda gurluşyk işleri tamamlanýar.

“Öňümizdäki aýlarda kärhanada enjamlary oturtmak işleri başlanar. 90 adamy hemişelik iş bilen üpjün etjek kärhananyň maýa goýum bahasy 19,2 million manat. Bu mukdaryň 6 million manady eýýäm sarp edildi “.

Related posts

Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar

«Türkmeniň rysgaly» önümçiligiň görnüşlerini köpeldýär

Ata Watan Eserleri

“Tesla” ulaglaryny bitkoin bilen almak bolar