TEHNOLOGIÝA

Azerbaýjan emeli aň strategiýasyny kabul etdi

Azerbaýjanda Emeli aň akademiýasyny döretmek meýilleşdirilýär we bu akademiýa häzirki zaman tehnologiýasy boýunça hünärmenleri taýýarlkamak üçin möhüm meýdança bolar. Bu başlangyç Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanan 2025-2028-nji ýyllarda emeli aň strategiýasynda öz beýanyny tapdy.

Strategiýa laýyklykda, 2026-2027-nji ýyllarda akademiýa dünýäde ilkinji 10-lyga girýän öňdebaryjy 2 sany daşary ýurt uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýar. Maksat – emeli aň ulgamynda 500 sany ýokary derejeli inženerleri taýýarlamakdan we 3 müň adamlyk professional jemgyýeti döretmekden ybaratdyr.

Emeli aň ulgamy boýunça hünärmen mümkinçiligini ösdürmek üçin bäsleşikli meýdança dörediler. Şeýle hem maglumat gory meýdançasy döredilip, döwlet edaralarynyň 500 işgäri üçin dürli okuwlar guralar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar