JEMGYÝET

Aýdymçy Luis Eduardo Aute aradan çykdy

Ispaniýanyň belli aýdymçysy  Luis Eduardo Aute 76 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol öz döreden aýdymlarynyň awtory hökmünde hem tanalýar. Aýdymçy ömrüniň ahyrynda agyr kesele duçar bolup, ençeme kösençlikleri başyndan geçirdi. Ol döredijilik ýolunda 30-dan gowrak albom döretdi. Onuň hatyrasyna heýkel, surat eserleri, dokumental filmler ýaly ajaýyp sungat eserler döredildi. Luis Eduardo Aute aýdym saz äleminde dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň eýesidir. Onuň aradan çykmagy ispan aýdym-saz sungatyna uly ýitgi boldy.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hoşallyk haty

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

COVID 19: Halkara sertifikaty üçin haýsy resminamalar zerur

Ata Watan Eserleri