JEMGYÝET

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň şaýollary boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

2018-nji ýylda BMG-niň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjynyň örän wajypdygyna hem-de möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet binasynyň ýanyna gelip, welosipedli ýörişi tamamlady.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar hereketini dowam edip, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanylyp geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş şol ýerde tamamlandy.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Dünýädäki iň iri gymmatbaha awtoulag ýygnaýjysy

 

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar