DÜNÝÄ

Awaza: Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy boldy. Bu barada Gazagystanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Ikiçäk duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üçünjisini guramak baradaky başlangyjynyň gaty möhüm hem-de öz wagtynda öňe sürlen başlangyç bolup durýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezidentler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

– Gazagystan üçin Türkmenistan strategik hyzmatdaş. Biziň arasynda uzakmöhletleýin esasda hereket edýän köp sanly taslamalar bar. Mundan soňky gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge has köp üns berler. Meniň Türkmenistana resmi saparyma taýýarlyk görülýär. Täze gol çekiljek resminamalar taýýar edildi. Olar iki ýurduň gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge täze itergi berer – diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew belledi.

Döwlet Baştutanlary iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň köpeldilmegi, ulag-üstaşyr geçelgeler mümkinçiliklerindne ýerlikli peýdalanmak babatda pikir alyşdylar.

Awaza: ýerli we daşary ýurtly habarçylar sammitde

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi