DÜNÝÄ

Atatürki ýatlama, ýaşlar we sport baýramy Aşgabatda giňden bellendi

Şu gün Türkiýe Respublikasynda milli baýramçylyklaryň biri – Atatürki ýatlama, ýaşlar we sport baýramy giň gerimde bellenýär. Bu möhüm baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem dabaraly çäreler guraldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat şäherindäki bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde Atatürki ýatlama, ýaşlar we sport baýramy mynasybetli çäre gurnady. Oňa Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, ilçihananyň wekilleri, türk işewürleri, türkmen-türk mekdebiniň mugallymlary hem-de okuwçylary gatnaşdy.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy. Soňra Türkiýäniň ilçisi Togan Oral çykyş edip, bu baýramçylygyň üstümizdäki ýylda uly ähmiýete eýedigini belläp, şu ýyl Türkiýe Respublikasynyň döredilenine 100 ýyl dolýandygyny we şonuň üçin bu baýramçylyk aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny mälim etdi.

Ilçi Togan Oral her ýyl 19-njy maýda Atatürki ýatlama, ýaşlar we sport baýramyny türkmen-türk mekdebinde giň gerimde we uly şowhun bilen belläp geçýändiklerini mälim edip, geljekde onuň gerimini giňeldip, bu baýramçylyga Türkmenistanyň beýleki mekdeplerinden hem okuwçylaryň gatnaşmagyny gazanmak isleýändiklerini belledi.

Mekdep okuwçylarynyň gurnan baýramçylyk dabarasynda türkmen we türk dillerinde goşgular okaldy. Mekdebiniň gurnan dülri sport we medeni ýaryşlarynda ýeňiji bolan okuwçylary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şeýle hem mekdebiň howlusynda okuwçylaryň gurnamagynda folklor çykyşlar görkezildi. Mekdep okuwçylary türk halkynyň käbir milli tanslaryny ýerine ýetirdiler.

Baýramçylygyň bir ugrunyň sportdygy nazarda tutulyp, birnäçe sport çäreleri geçirildi. Oňa hem mekdep okuwçylary hem-de dabara gatnaşyjylar işjeň gatnaşdylar.

Umuman, bu baýramçylyk mekdep okwuçylarynyň, mugallymlaryň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda festiwal derejesinde bellendi.

Türkiýe Respublikasynda giň gerimde bellenýän bu baýramçylyk Türkiýe döwletini esaslandyran Mustafa Kemal Atatürküň türk ýaşlaryna sowgat eden esasy baýramynyň biri bolup, ol 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen kanunçylyk namasy bilen ýaşlar we sport baýramçylygy hökmünde gutlanýar.

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy