JEMGYÝET

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

Türkmenistan Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentleriniň ikinji mejlisinde aýtdy.

“Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen, Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär”, diýip türkmen tarapy beleldi.

Ol bu babatda sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde TransHazar halkara ulag geçelgesine, şeýle hem Hazar deňzi – Kawkaz – Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar ugurlaryna möhüm orun degişlidigini belledi.

“Bu geçelgeleri kämilleşdirmek söwda dolanyşygyny artdyrmak we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar”, diýip ol belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri