MEDENIÝET

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygyk günine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan tegelek geçirildi.

Tegelek stola Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem-de uniwersitetiň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-de agzalýan tegelek stola wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmen-rus gatnaşyklarynyň ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler barada bellediler. Çäräniň dowamynda uniwersitetiň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okaýyşlarda we sazlar bilen ýerine ýetirdiler.

Tegelek stolyň çäklerinde G.Ilamanow W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary bolan 1-nji ýyl talyplar bilen terbiýeçilik wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Konsul talyplara Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty, olar üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berdi.

 

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi