JEMGYÝET

Astanada Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylar

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Astana şäheriniň häkiminiň orunbasary Baýken Eset Berikuly bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelini Astana şäherinde oturtmak babatda pikir alşyldy. Bu babatda degişli ylalaşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda amala aşyran döwlet saparynda gazanylypdy.

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň resmi saýtyndaky habara gşrä, türkmen tarapy duşuşyga gatnaşyjylary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda Türkmenistanda we onuň çäginiň daşynda geçiriljek çäreler barada maglumat berdi. Türkmen şahyrynyň Astanada heýkelini dikeltmegiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr hökmünde kesgitlendi.

Şeýle hem duşuşykda mundan soňra amala aşyryljak işler barada pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy