DÜNÝÄ

Aşgabatda Özbegistanyň we Eýranyň Prezidentileriniň duşuşygy boldy

Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň duşuşygy geçirildi.

Iki ýurduň metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky köpmaksatlaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna seredildi.

Iki ýurduň arasynda amala aşyrylan dürli ugurlardaky saparlaryň işjeňligine uly kanagatlanam bildirildi. Söwda dolanyşygynyň görkezileri artýar we bilelikdäki kärhanalaryň sany köpelýär.

Döwlet Baştutanlary preferensial söwda şertnamasynyň äklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň çaltlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Özbegistanyň we Eýranyň Liderleri halkara we sebit gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy boldy

Türkmenistan-Özbegistan: häzire çenli 246 ylalaşyk gazanyldy

Ankarada ýene bir gündogar alymyna heýkel dikildi