DÜNÝÄ

Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerinde çap edildi

Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň  75-nji mejlisiniň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

 Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle-de bu maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýminň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule wideoýüzlenmeler bilen çykyş etdiler.

«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti» atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat jemleýji resminamasy kabul edildi.

Aşgabat jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de  Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy