Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde III Halkara matematika olimpiadasynyň dabaraly açylyş çäresi geçirildi. Abraýly intellektual bäsleşigini Türkmenistanyň Bilim ministrligi guraýar.
Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda olimpiada gatnaşýan döwletleriň wekilleri gurnalan sergi bilen tanyşdylar. Soňra Türkmenistanyň okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.
Şu ýylky olimpiada dünýäniň 12 ýurdundan takmynan 250 ýaş matematik gatnaşýar. Medal ugrunda Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkmenistanyň wekilleri bäsleşer.
Bäsleşik iki derejede — A we B derejelerinde geçiriler. Intellektual ýaryşlaryň geçiriljek ýeri hökmünde Aşgabat şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 135-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi saýlandy.
Olimpiada diňe bir takyk ylymlarda iň güýçlileri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem bilim ulgamynda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkitmäge hem gönükdirilendir.
