BIZNES

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi dabaraly ýagdaýda öz işine başlady. Türkiýe Respublikasynyň  halkara çäreleri gurnamakda baý tejribesi bolan “Net Organization” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu giň gerimli çäre halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Sergä dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen işewürler, kompaniýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýerli kärhanalary hem işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerini halkara giňişlikde giňden tanyşdyrmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly şert döredýär.

Dabaranyň açylyşynda Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçirilýän “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän bu köpugurly halkara serginiň täze işewür mümkinçiliklerini döredip, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny belledi.

“Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi 2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde öz işini jemlär. Bu möhüm çäre Türkmenistanyň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny berkitmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler