Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň döredilen güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy hem çäre gurnady. Ol hem ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň “Aşgabat. Taryhyň bir döwri” atly taýýarlan suratly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Bu dabara “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy. Metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada ÝB-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso kitap barada gürrüň berdi.
Bu kitap 2021-nji ýylda Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlandy. Suratly kitap Köpetdagyň eteginde 141 ýyl mundan ozal döredilen Aşgabadyň geçmişi bilen şu güni giňden suratlandyrylýar. Kitapda ýerleşdirilen suratlaryň geçmişdäki we häzirki döwürdäki ýagdaýy suratlandyrylypdyr.
Kitabyň sahypalarynda döwlet we bilim edaralary, dürli ýadygärlikler, ajaýyp ýaşaýyş jaýlary suratlandyrylypdyr.
Şeýle hem ilçi Alonso ÝB-niň wekilhanasynyň geljekde amala aşyrmagy göz öňünde tutýan meýilnamalary barada hem gysgaça gürrüň berdi. Türkmen medeniýetiniň gorap saklamagy babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bellän ilçi Alonso, geljek ýyl ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl dolýandygyny belledi. 1993-nji ýylyň noýabrynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.
Ilçi bu şanly senä mynasybetli şu günden başlap, “Türkmenistan:Durmuşyň şöhlelenmegi” atly surat bäsleşigini geçirmek babatda başlangyjy göz öňünde tutýandyklaryny, şeýle hem kino festiwal, galyndylary dolandyrmak, žurnalistler üçin seminarlar, seýilgäh zolaklarynda ekologiýa çäreleri, ÝB-niň Medeniýet günleri, energetika we bilim maslahatlary, intellektual bäsleşikler we beýleki medeni çäreleri guramagyň meýilleşdirilýändigi beýan edildi.
Tanyşdyrylyş çäräsiniň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan surat bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy.