JEMGYÝET

Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.

Taslamalaryň tanyşdyrylyşynyň barşynda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak “Aşgabat siti” şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň çyzgylary görkezildi.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda Aşgabat-siti” binagärlik taslamasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamalary aýratyn orun eýeleýär

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna şeýle hem ýene-de bir ajaýyp beýik binanyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taslama bilen tanşyp, täze desgada ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy hem-de birnäçe maslahatlary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli Liderimize M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilen ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada habar berdi.

Görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimize  “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary barada hasabat berdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada hasabat berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi.

AŞGABADYŇ 140 ÝYLLYGYNYŇ ÇÄRELERI

Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Ak şäherim – Aşgabat” atly ХХ Halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni köpçülikleýin çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary, sport bäsleşikleri, at çapyşyklar we beýlekiler guralar.

Şanly senäniň hormatyna döredijilik bäsleşikleri, sergiler, gyzykly söhbetdeşlikler, sanly ulgam arkaly dürli halkara onlaýn-duşuşyklary, mediýa maslahatlar, sport çäreleri guralar.

Teleradioýaýlymlarda hem-de internet saýtlarynda ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän suratlary, wideosýužetleri we makalalary ýerleşdirmek, olary daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz bilen doganlaşan daşary ýurt şäherleriniň ýolbaşçylarynyň we medeniýet hem-de sungat işgärleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

21-nji maýda “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň telefestiwalyny jemlemek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegine birnäçe aýyň galandygyny, bu ýubileýiň şäherlileriň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa, paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

 

Mämmetsapar Toýlyýew: Ussatlary gören halypa

 

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi