JEMGYÝET

Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyry durmuşa geçiriler

Düýn paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Şol mejlisde Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde saýlanan Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow eden çykyşynda Aşgabady ösdürmek babatda ediljek işler barada durup geçdi.

Hususan-da bu barada şeýle diýdi:

– Paýtagtymyz ak mermerli Aşgabat döwletimiziň ýüzi diýlip hasap edilýär. Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda birnäçe gezek orun aldy. Biz geljekde-de paýtagtymyzy ösdürmegi dowam etdirmelidiris. Biziň öňümizde «Altyn kölüň» kenarynda döwrebap binalary gurmak, şäheri ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň hem-de döwrebap «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly örän möhüm işler durýar. Bu taslamalar amala aşyrylanda, «akylly» jaýlary we öýleri gurmaga, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmaga üns berilmelidir.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy