SPORT

“Arkadag” topary Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşar

Aziýa Futbol Konfederasiýasy (AFK) Türkmenistanyň “Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşjakdygyny mälim etdi. Duşuşyk 12-nji awgustda Türkmenistanda “Arkadag” stadionynda geçiriler. Bu oýunda ýeňiji topar ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma alar, utulan topar bolsa çykyşyny AFK-niň Çagyryş ligasynda dowam etdirer.

“Arkadag” topary soňky möwsümlerde Aziýa ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň netijesinde ýurduň iň güýçli klublarynyň biri hökmünde bu duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazandy. Türkmen toparynyň garşydaşy bolan “Goa” kluby bolsa Hindistanyň Superkubogynda gazanan ýeňşiniň hasabyna saýlama tapgyryna çykdy.

Türkmen klublarynyň Aziýa ýaryşlarynda Hindistanyň toparlary bilen geçiren öňki duşuşyklary türkmen futbolçylarynyň artykmaçlygyny görkezýär. Geçen ýyllarda “Altyn Asyr” we “Ahal” ýaly klublar hindi futbol ligasynyň wekillerini birnäçe gezek ýeňmegi başardy.

AFK-2 Çempionlar ligasy Aziýa sebitindäki klub ýaryşlarynyň ähmiýeti boýunça AFK-niň Elit Çempionlar ligasyndan soň ikinji orny eýeleýär. 2026/27 möwsüminiň toparçalaýyn tapgyry sentýabr aýynda başlanar.

Häzirki wagtda Türkmenistan AFK-niň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda hem wekilçilik edýär. Milli çempionatyň jemleri boýunça göni ýollanma alan “Ahal” futbol kluby bu ýaryşda ýurdumyzyň adyndan çykyş eder.

Related posts

Şu gün Er-Riýadda ýylyň “boks” tutluşygy bolar

Ata Watan Eserleri

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaý gazandy

Ata Watan Eserleri

Mark wan Bommel Belgiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi boldy