«Arkadag» futbol kluby daşary ýurtdaky türgenleşik ýygnanyşygynyň tamamlamak bilen, Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda ilkinji türgenleşigini geçirdi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Neşiriň maglumatlaryna görä, ilkinji türgenleşikde taktiki taýýarlyga we täze gelen oýunçylaryň toparyň düzümine uýgunlaşdyrylmagyna gönükdirildi.
«Arkadag» topary 12-nji ýanwardan 2-nji fewrala çenli Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky topar dört sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi: Moldowanyň «Milsami» kluby bilen (1:3), Mahaçkalanyň «Dinamo» topary bilen (0:1), Kosowanyň «Dukajini» (0:1) we «Feronikeli» (2:0) klublary bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň çempiony AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna taýýarlanýar. Bu tapgyrda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen duşuşar. Ilkinji oýun Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda geçiriler, jogap duşuşyk bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanynda bolar.
Bellenilip geçilmegine görä, bu 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlary üçin gurlan Olimpiýa stadionynda esasy resmi futbol duşuşygy bolar. Stadion 45 müň tomaşaça niýetlenendir.
“Arkadag” toparynyň garşydaşy Saud Arabystanynyň klubunyň düzüminde bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi Kristiano Ronaldo çykyş edýär. 5-nji fewralda onuň 41 ýaşy dolýar. Şeýle hem toparyň düzüminde Žoau Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Inigo Martines, Marselo Brozowiç, braziliýaly futbolçylar Bento Krepski we Gabriel Anželo bar. Topara 71 ýaşly portugaliýaly tälimçi Žorže Žezuş tälim berýär.
Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, «Al-Nasr» klubynyň futbolçylarynyň umumy bazar bahasy 133,4 million ýewro, «Arkadagyň» bolsa 3,15 million ýewro barabardyr.
Bu duşuşygyň ýeňijisi çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) — «Al-Wasl» (BAE) duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.
