Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan bu şäheriň innowasion ösüş babatda gazananlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler.
Dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň häkimligine gelip, binanyň eýwanynda guralan sergini synladylar. Ol Arkadag şäheriniň ýaşaýyş-durmuş ulgamyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Arkadag şäherine halkara derejeli täze sylagyň gowşurylmagynyň onuň haýran galdyryjy üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýandygy nygtaldy. Bu ajaýyp waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna, “akylly” şäheriň ähli ýaşaýjylaryna tüýs ýürekden gutlag sözleri beýan edildi.
Dabarada çykyş eden Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Türkmenistanda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylan we häzirki wagtda-da ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýän bu giň gerimli taslamanyň dünýäde nusgalykdygyny belledi. Arkadag şäheriniň häzire çenli abraýly halkara baýraklaryň, güwänamalardyr şahadatnamalaryň onlarçasyna mynasyp bolmagy-da bu hakykaty aýdyň görkezýär.
Soňra dabaranyň esasy pursady gelip ýetdi: Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Medaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow kabul etdi.
Bu altyn medal Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy hem-de onuň birinji prezidenti bolan Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň hormatyna döredilip, ol oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin berilýär. Arkadag şäherine bu altyn medalyň gowşurylmagy şähergurluşyk ulgamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidir.