BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Arkadag şäheriniň häkimligi bäsleşik yglan edýär.

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly:

— 9 sany, her biri 320 orunlyk çagalar bagynyň;

— 5 sany, her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň;

— 36 sany, bäş gatly, her biri 30 öýli ýaşaýyş jaýynyň;

— 36 sany, bäş gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň;

— 24 sany, ýedi gatly, her biri 42 öýli ýaşaýyş jaýynyň;

— 14 sany, dokuz gatly, her biri 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri şäheriň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 52-55-71.

E-mail: adk@sanly.tm

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler