DÜNÝÄ

Arkadag şäheri Täjigistanda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli muzeýiniň binasynda geçirilen «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy.

Halkara muzeýler gününe bagyşlanan köpugurly medeni çäräniň açylyş dabarasyna Duşenbe şäherinde işleýän diplomatik we konsullyk edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Täjigistanyň daşary işler, medeniýet, bilim we ylym hem-de beýleki ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ylmy intelligensiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli öwüşgünde bezelen türkmen sergisine milli egin-eşikler, şaý-sepler hem-de elde dokalan türkmen halylary, amaly-haşam sungat eserleri, şeýle-de türkmen halkynyň gaýtalanmajak özboluşlylygyny, onuň köpasyrlyk medeniýetini hem-de däp-dessurlaryny giňişleýin şöhlelendirýän suratlar aýratyn ähmiýet berdi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Arkadag şäheriniň tanyşydyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda oňa gatnaşan myhmanlara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, Arkadag şäherinde “akylly” şäher ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan tehnologiki we ekologiki ugurly toplumlaýyn işleriň alnyp barylyşy babatynda giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ylmy eserleri, şeýle-de Türkmenistanyň häzirki döwürde dürli ulgamlarda gazanan belent sepgitleri barada gürrüň berýän neşirler hem tanşydyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan aýratyn stend şu günki halkara çäresine gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Bagşylaryň ýerine ýetiren halk aýdymlary hem-de çärä gatnaşanlara hödürlenen türkmen milli tagamlary Türkmenistanyň milli stendiniň özboluşlylygyny has-da artdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy