JEMGYÝET

«Arkadag» – «Al-Ahli»: 1-1 deňme-deň tamamlandy

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn bäsleşiginiň dördünji tapgyrynyň çäginde geçiriljek duşuşykda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary Kataryň «Al-Ahli» toparyny kabul etdi. Täjigistanly eminler toparynyň eminlik eden duşuşygy Arkadag şäheriniň adybir stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň baş eminligine FIFA derejeli emin Gulmurodi Saýdullo bellenildi. Oňa kömekçi eminler hökmünde FIFA-nyň eminleri Hasan Karimow hem-de Farhod Kuralow ýardam ederler. Ätiýaçdaky eminiň wezipesini bolsa FIFA-nyň emini Abdyllo Dawlatow bellenildi.

Bu duşuşyk ýerli wagt bilen 18:45-de başlandy. Ýurdumyzyň hem-de sebitiň ilkinji “akylly” şäheriniň stadionyny dolduran janköýerler “Arkadag” toparynyň üstünlik gazanmagy üçin toparyna goldaw berdi.

Duşuşygyň 23-nji minutynda myhmanlardan M. Wlap öz toparyny öňe geçirdi. Ruhdan düşmedik Arkadag şäheriniňfutbolçylary yzygiderli hüjümleri bilen myhmanlaryň ýalňyşmagyna şert döretdi we Kataryň “Al Ahli” toparynyň futbolçysy Matej Mitrowiç öz derwezesine gol geçirdi.

Şeýlelikde duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

Toparlar geçen tapgyrda hem duşuşypdylar — Doha şäherinde geçen üçünji tapgyryň oýny 2:2 hasabynda deňlik bilen tamamlanypdy.

29-njy oktýabrda Kataryň «Al-Ahli» topary bäşinji tapgyryň öňe süýşürilen duşuşygynda myhmançylykda Bahreýniň «Аль-Haldiýa» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy