Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen mähirli salamlaşyp, türk halkynyň iň taryhy güni, demokratiýa eradasy bilen syýasy üstünligi we gazanan ýeňşi bilen türkmen halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we maşgalasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.
Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirjekdigini, ýola goýlan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi hem-de birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, ynanyşmak, hormat goýmak hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň, köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarda mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň saýlanan Prezidentini gutlady
Türkiýäniň saýlanan Prezidenti : Rejep Taýýp Ärdogan