TEHNOLOGIÝA

“Apple” güýzki tanyşdyryş çäräsi: täze “iPhone” gelýär

ABŞ-nyň dünýä belli “Apple” kompaniýasy 14-nji sentýabrda “iPhone” smartfonynyň täze modeliniň we başga-da birnäçe täze önümleriniň onlaýn tanyşdyryş dabarasyny geçirer. Bu täzelik barada kompaniýa hepdäniň sişenbe güni metbugat işgärlerine habar berdi.

Tanyşdyryş dabarasy ABŞ-nyň wagty bilen sagat 10:00-da (Aşgabat wagty bilen 22:00) Kupertinodaky “Apple Park” merkezinde başlar we “Apple”-iň web sahypasynda onlaýn görnüşinde görkeziler.

Tanyşdyrylyş dabarasynda “Apple”-iň 13-nji seriýasy we  “iPhone”-yň indiki nesliniň täze modellerini, şeýle hem täze “Apple Watch Series 7” akylly sagadyny hödürlemegine garaşylýar.

Adaty däplerine görä, sargytlarlar tanyşdyryş dabarasyndan söň hepdäniň ilkinji anna güni, ýagny 17-nji sentýabrda kabul edilip başlanylmaly we 1 hepde soň, 24-nji sentýabrda bolsa satuwa çykarylmaly.

“Apple” 1976-njy ýylda döredilenden bäri, “iPhone”, “iPad”, “iMacs”, “MacBooks”, “iPod” we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýär. Merkezi binasy Kaliforniýanyň Kupertino şäherinde ýerleşýän bu korporasiýa dünýädäki iň uly kompaniýalaryň biridir.

TÄZE “iPhone” TANYŞDYRYLAR

Nobatdaky tanyşdyrylyş dabarasynda “iPhone 13 Pro” we “13 Pro Max” telefonlarynyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 90 million “iPhone 13” öndürjekdigi mälim edildi.

 

Owganystanda täze wagtlaýyn hökümet düzüldi

Ýene-de okaň

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy